Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär.
Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we anyk netijeleri gazanmak üçin toplumlaýyn, örän oýlanyşykly çemeleşme zerurdyr. Şol çemeleşme bolsa ähli meseleleri, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de uzakmöhletli geljegi göz öňünde tutmalydyr.
Bitarap Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, döwletara hem-de köptaraplaýyn görnüşde sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklara we gepleşiklere hemişe taýýardyr.