27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halkyň
Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31
ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu
nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine
hem-de häzirki bagtyýar zamanasyna buýsanjy, röwşen geljegine ynamy artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet
agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri,
jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň
hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar,
paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gül çemenlerini we desselerini goýýarlar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin
Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar hem türkmen halkynyň milli
mukaddesliklerine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül desselerini goýdular.
Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança güle
beslenip, Watanymyza synmaz söýginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüne buýsanjyň nyşanyna öwrüldi.