milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti durnukly ykdysady ösüş boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti durnukly ykdysady ösüş boýunça iş maslahatyny geçirdi
21.05.2020 1052 Habarlar

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary B.Öwezowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, dünýäde we sebitde ýaýran ýeňil bolmadyk epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hökümet mejlislerinde bellenen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy nazara alnyp işlenip taýýarlanan şu ýyl üçin meýilnama öz wagtynda gaýtadan seretmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.