9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdirliginiň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasaty we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depgini, senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalar, amatly maýa goýum şertleri daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ulgamlarda, ilkinji nobatda, ylmy barlaglary köp talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklarda dünýä tejribesini giňden çekmek üçin berk binýat döredýär.