29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly Prezidentimiz we Kataryň Emiri iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen bellediler we gatnaşyklary täze ugurlara çykarmak üçin uly geljegiň bardygyny aýtdylar. Munuň üçin bolsa iki ýurduň hem köp ugurly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.