01.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.06.2020 130 Habarlar

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Baştutany milli Liderimizi 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gazak kärdeşine gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip hem-de hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek arkaly sazlaşykly ösdürilip, häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.