01.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.06.2020 123 Habarlar

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan jogapkärli döwlet işinde hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky döwürde öz ösüşinde täze itergä eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini we uly geljeginiň bardygyny belledi.