31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynam bildirdiler.
Taraplar ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändiklerini belläp, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, açyklyk esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly we sazlaşykly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.