25-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap
Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh
Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap
Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň
ýokary derejesine eýe bolup, syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda
birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan
döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmeginiň geljekki
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan
ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky
gatnaşyklar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle
hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak
bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.