21-nji
maýda «Türkmendemirýollary» agentliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça
Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň
demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üç taraplaýyn duşuşygy guraldy.
Gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
aýratyn üns berýän döwletara we sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr ýollarynyň
hereketini işjeňleşdirmek meselelerine seredildi.
Şunuň
bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilen
bilelikdäki tagallalary artdyrmak boýunça anyk wezipeler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle hem degişli maglumatlary alyşmak, şol sanda COVID-19
pandemiýasy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýda serhetýaka lukmançylyk-sanitariýa
şertlerini döretmek bilen bagly meselelere seredildi.
Bellenilişi
ýaly, şol çäreler sebit gatnaşyklaryna täze depgin bermek üçin döwletleriň
çäkleri boýunça ýük gatnawlarynyň artmagyna, demir ýol ulagynyň bökdençsiz
üstaşyr hereketini üpjün etmäge oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem taraplar
durnukly ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýän demir ýol ulagynyň möhüm orun
eýeleýändigi barada bir pikire geldiler.