30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi
27.09.2020 442 Harby Durmuş

27-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Baş münberiň öňünde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş geçirildi.

Giň gerimde geçirilen dabaralar nobatdaky gezek edermen Watan goragçylarymyzyň ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi we edermen halkymyzyň jebisligini görkezýan janly nusga öwrüldi. Milli goşunymyzyň harby tehnikalaryň iň täze nusgalaryny şöhlelendirdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy esasynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen täze satyn alnan tehnikalaryň diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýene-de bir gezek dabaraly harby ýörişiň üsti bilen subut edildi.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».