Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere we beýleki käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, statistiki maglumatlary işläp geçmegiň halkara tejribesinde ykrar edilen maglumat-tehnologiki usullaryny ornaşdyrmagyň esasynda statistika ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan hödürlenýän «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» atly taslama barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň we ähli ýurtlaryň rowaçlygynyň, dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň häzirki wagtda durmuşa geçirýän döredijilikli döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, milli statistika ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamany degişli düzümler bilen ylalaşmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynda işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Daşoguz nebit kärhanasynyň täze gurlan binalarynda we desgalarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu kärhananyň eýeleýän meýdany 10 gektara deňdir. Ol her ýylda 180 müň tonna nebit önümlerini hem-de 1,5 müň tonna çalgy ýaglaryny kabul eder we ýangyç guýujy beketlere ugradar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň ähmiýetli ornuny belledi. Milli Liderimiz nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň içinde hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmagyň, şeýle hem şolaryň görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere nebitgaz pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmek, ýurdumyzyň sarp edijilerini ýangyç-çalgy serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda sebitlerde agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergisini geçirmek, ösüş suwuny bermek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.
Şonuň bilen bir wagtda, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny hem-de tohumlary taýýarlamak çäreleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bölünip berlen meýdanlarda sürüm we ýerleri tekizlemek işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem wise-premýer Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryna bolan iş sapary barada hasabat berdi. Şonuň barşynda ýerlerde meýdan işleriniň geçirilişine gözegçilik edildi, oba hojalyk önümlerini öndürijilere degişli maslahatlar berildi. Pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk bilen baglanyşykly çäreler kesgitlenildi. Bu işler welaýat hem-de etrap häkimleriniň, oba hojalyk pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak oba hojalyk möwsümleriniň — pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň häzirki zaman tehnikalarynyň ýüzlerçesini özünde jemleýän pudagyň tehniki toplumynyň doly kuwwatynda işledilmegi zerurdyr. Tohum serişdeleriniň ýokary hili, her welaýatyň toprak-howa şertlerini hasaba almak bilen, işlenip taýýarlanylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi barada hasabat berdi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi we olaryň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň goranyş häsiýete eýe bolmagynyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrmagyň, şol sanda ähli şahsy düzümleriň hünärini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, MHM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, halyçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, halyçylaryň mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanasynyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbine laýyk gelýän täze döwrebap binasynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Öňdebaryjy önümçilikleriň derejesinde enjamlaşdyrylan täze çeper halyçylyk kärhanalaryny welaýatlarda gurmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň işe girizilmegi bilen dürli görnüşli haly hem-de haly önümleriniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik dörär.
Mundan başga-da, wise-premýer dünýäde türkmen halyçylyk sungatyny wagyz etmek, pudagyň ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halyçylygynyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamagyň, häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasynda olary ösdürmegiň, ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda ägirt uly islegden peýdalanýan ýokary çeper önümleriň öndürilişini artdyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistanda her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen halkara sergiler hem-de daşary ýurtlarda guralýan milli sergiler bu ulgamda gazanylýan üstünlikleri aýdyňlyk bilen görkezýär. Şol çäreler bolsa türkmen halkynyň täsin gymmatlygyny giňden wagyz etmäge, bu ulgamda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň, öňdebaryjy tehnologiki täzelikleri hem-de hojalygy ýöretmegiň kämil usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze döwrebap halyçylyk kärhanalaryny gurmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew hukuk namalarynyň düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilişine gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz kanunlaryň rüstemligini üpjün etmegiň, jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerini goramagyň prokuratura edaralarynyň esasy wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu edaranyň gözegçilik ygtyýarlyklarynyň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, energetika pudagyny has-da ösdürmek, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika pudagynyň eýe bolan kuwwatyny amala aşyrmak maksady bilen Energetika ministrliginiň işiniň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri peýdalanmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçmek bilen, wise-premýere paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde arassaçylygy saklamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäheri döwrebap derejede abadanlaşdyrmak, bag nahallaryny we gülleri oturdyp, paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýy has-da gowulanar ýaly ýaşyl zolaklary hem-de seýilgähleri köpräk döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Garagum derýasynyň aňyrsynda köp gatly ýaşaýyş jaýlary bolan täze etrapçany gurmak meselesine ünsi çekdi. Munuň üçin alymlar bilen şol ýeriň seýsmiki meseleleriniň üstünde örän düýpli iş alyp barmaly diýip, milli Liderimiz wise-premýere bu işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabrynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçiriljek çäreler hasabatyň esasyny düzdi. Şeýle hem “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmegiň barşy barada habar berildi.
Milli Liderimiz IIM-niň edaralarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmek, islendik düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça işleri talabalaýyk guramak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek, şonuň bilen birlikde, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek barada görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz her ýyl geçirilýän, öz netijeliligini tassyklan biraýlygyň hem hut şoňa gönükdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçmek bilen, bu çäräniň geçirilmeginiň sportuň şu görnüşini giňden ýaýmaga hem-de iri ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek hakyndaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
15 — 17-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem bu ýurduň dürli sebitlerinden bolan kompaniýalaryň eksport mümkinçiliklerini hem-de senagat kuwwatlyklaryny görkezmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle sergileriň guralmagynyň işewür gatnaşyklary giňeltmegi, tejribe alyşmagy hem-de Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryna badalga berilmegini ugur edinmelidigini belledi. Şol taslamalar milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, onuň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalary üçin binýadyň hut şu nukdaýnazardan guralýandygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň anyk iş maksatnamasyny taýýarlap, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy göreşmek maksadynda görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça görülýän çäreleriň möhümdigine ünsi çekip, bu çäreleriň döwlet guralynyň takyk işlemeginiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz jemgyýetimizde parahorluga we korrupsiýa ýol berilmejekdigini aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda başga işe geçmegi sebäpli, D.Orazmyradowy söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine A.Işanowy belläp, ony Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine B.Çaryýewi bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini tassyklamak hakyndaky» hem-de «Käbir döwlet edaralaryna «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky» kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň Mejlisi ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini” hem-de “Türkmenistanda awtoulagda daşamaga rugsat berlen howply ýükleriň sanawyny” işläp taýýarlady.
Resminamalar taýýarlanylanda hünärmenler ýurdumyzda hereket edýän halkara kadalardan hem-de howply ýükleri daşamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenler komitetiniň girizen talaplaryndan ugur aldylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we logistika ýaly geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz şerti bolup, köpugurly we howpsuz halkara ulag düzümini talap edýändigini belledi. Milli Liderimiz degişli ugurda, şol sanda BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistanyň iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýandygyny hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz awtoulagda ýük daşalmagyny artdyrmak hakynda aýdyp, ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýyny, ýük daşalyşynyň çäklerini giňeltmegiň, ulagyň ähli görnüşleriniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini, Türkmenistanyň üstaşyr-ulag kuwwatyny artdyrmakda awtoulagyň eýeleýän ornuny, töwekgelçiliklere gözegçilik edilmegini hem-de logistika çykdajylarynyň hasaba alnyşyny we beýlekileri öwrenmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, onda ýük daşaýan taraplaryň tertibiniň, hukuklarynyň we borçlarynyň takyk kesgitlenilmelidigini, howpsuzlygynyň hem-de awtoulaglary we ýükleri goramagyň talaplarynyň tertipleşdirilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren görkezmesine laýyklykda, degişli teklipleri taýýarlamak boýunça pudagara toparlary döredildi. Demir ýol ulaglary, Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, “Türkmenhowaýollary” gullugy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş edarasy paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary bolup çykyş edýärler.
Milli Liderimiz häzir Türkmenistanyň dünýä bazaryna öz ulag-logistika hyzmatlary baradaky teklibi bilen çykýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistikany ösdürmäge ulag-üstaşyr mümkinçilikleri amala aşyrmagyň ylmy-tehnologik ugry hökmünde ünsi çekip, ýurdumyzyň logistika strategiýasynyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň tutuş toplumynyň hil taýdan täze ösüşini, ysnyşykly özara gatnaşyklaryny hem-de ýük akymlarynyň hereketiniň takyk utgaşdyrylmagyny kesgitleýändigini belledi.
Milli Liderimiz ulaglar ulgamlarynda ösüşiň häzirki tapgyrynda düýpli özgertmeleriň geçirilip, hukuk binýadynyň döredilýändigini, döwlet dolandyryş wezipeleriniň we hojalyk işleriniň bölünendigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky teklip boýunça geçirilen hukuk seljermesiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlary işläp taýýarlamak üçin teklipleri taýýarlamak boýunça işi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şol kanunlar döwletimiziň ýakyn geljegi üçin ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini üpjün etmelidir. Milli Liderimiz “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça hödürlenen teklibi makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa «Medeniýet we sungat boýunça döwlet toparlarynyň we bilermenler geňeşiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň medeni ugrunyň ähmiýetini hem-de onuň jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini, medeniýet ulgamynda işleri işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz medeniýetiň däp bolan ruhy, ahlak we estetiki gymmatlyklary aýawly saklamagyň we geçirmegiň täsin guralydygyny hem-de häzirki zaman jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň esasydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz «Medeniýet we sungat boýunça döwlet toparlarynyň we bilermenler geňeşiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, bu düzümleriň işiniň döwletimiziň medeni syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilmelidigini nygtady.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew harby bölümlerde geçirilýän işler, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz harby ulgamda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň esasy meselelerine ünsi çekip, goranmak ministrine bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işi güýçlendirmegi, harby gullukçylaryň üstünlikli gulluk etmegi hem-de olaryň we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, onuň guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de degişli Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Russiýa Federasiýasyndan mekdep okuwçylarynyň toparlary sportuň alty görnüşi — kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we guşakly göreş boýunça bäsleşerler.
Bäsleşikli çäreler “Awaza” sport toplumynyň binýadynda bolar.
Şeýle hem bu sport festiwalynyň çäklerinde zehinli çagalaryň “Awaza — dostluk mekany” atly VI halkara festiwaly geçiriler.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde festiwalyň nyşanlarynyň taslama görnüşleri bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz okuwçylaryň bu medeni-sport forumynyň esasy maksadynyň ösüp barýan nesliň üsti bilen Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we ynanyşmagy berkitmekden hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmekden, beden we ruhy taýdan sagdyn çagalary kemala getirmekden, olaryň ukyplaryny açmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekden ybaratdygyny belledi.
Milli Liderimiz bu wakanyň festiwala gatnaşyjylaryň hakydasynda hemişelik galmagy we Türkmenistanyň sport hem-de syýahatçylyk, ynsanperwer gatnaşyklary, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň innowasion ösüşine hem-de gülläp ösýän geljegine gönükdirilen ýaşlar syýasaty babatda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge nobatdaky ähmiýetli goşandy bolmagy üçin onuň çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew kazyýet işi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hukuk özgertmelerini ilerletmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Şol syýasatyň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegini we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýakyn aýlarynda geçiriljek halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şolaryň hatarynda 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygy bar.
24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bu gaznada başlyklyk edýär.
28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň öňümizdäki ählumumy forumda ileri tutulýan garaýyşlarynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de tassyklanylandygy bellenildi. Şol garaýyşlar diplomatik ýollar arkaly BMG-ä agza ýurtlaryň ählisine ugradyldy hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň öz gatnaşyklaryny beýleki döwletler we halkara guramalar bilen deňlik, özara hormat goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guramak bilen, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini nygtady.
Milli Liderimiz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň öňümizdäki duşuşygy barada durup geçip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Hazar deňzi boýunça wajyp meseleleriň köpüsini çözmek mümkin boldy. Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylda türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy diýip belledi. Şonda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça gepleşikleriň guramaçylyk-hukuk guraly kesgitlenildi. 2002-nji ýylda bolsa Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň 1-nji sammiti geçirildi. Şonuň netijeleri degişlilikde, 2007-nji, 2010-njy hem-de 2014-nji ýyllarda Tähranda, Bakuwda we Astrahanda geçirilen duşuşyklarda kabul edilen möhüm çözgütleriň özenini düzdi. Şeýlelikde, tejribäniň görkezişi ýaly, türkmen tarapynyň bu başlangyjy öz wagtynda öňe sürlen hem-de taryhy geljekde uly gyzyklanma döredilýän başlangyçlar boldy.
Türkmenistan kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýän anyk başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika we senagat kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen tarapynyň Hazar meselesiniň dürli ugurlaryna degişli, şol sanda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek bilen bagly teklipleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazarda özara gatnaşyklar boýunça möhüm resminamalar taýýarlanyldy we kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip hem-de uzak möhletli köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge ýardam etjek binýatlaýyn resminamanyň — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýany işläp taýýarlamaga we kabul etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň özara hormat goýmak hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda şunuň bilen bagly meseleleriň ählisini çözmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.
Biz mundan beýläk hem parahatçylyk we dostluk deňzi bolan Hazaryň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip hem-de olary berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Türkmenistanyň bu gaznada başlyklyk etmek bilen onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi. Bu gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm sebit düzümi bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň 2019-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmegi kabul etmek bilen, GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň Bitarap Watanymyz GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, ägirt kuwwata hem-de dürli ulgamlarda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen tarapy Arkalaşygyň düzümindäki edaralaryň işiniň geljekde hem anyk netijelere gönükdirilmegi ugrunda tagallalary etmegi göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ähli guramaçylyk we beýleki meseleleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.
Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik esasda guralýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde özüniň yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna ençeme gezek saýlanylmagy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň birnäçesiniň düzümine girmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Iýun aýynda ýurdumyz 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna saýlanyldy.
Türkmen tarapynyň döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň hemişe goldawyna mynasyp bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidilýär. Şolaryň hatarynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama bar. Bu resminamada BMG Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek boýunça alyp barýan işini goldady.
Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, öňümizdäki halkara çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde we toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew garamagyndaky düzüm birikmelerinde işleriň ýagdaýy, ata Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Serhetçiler gününe we serhet galasynyň täze binalarynyň açylmagyna gabatlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Milli Liderimiz serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne ýüklenen aýratyn möhüm jogapkärçilik barada aýtmak bilen, olaryň ata Watanymyzyň çäklerini goramak boýunça esasy wezipesinden başga-da, goňşy döwletler bilen ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny saklamaga aýratyn üns bermelidigini belledi. Türkmenistany goňşy döwletler bilen asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklar we özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna garamagyndaky düzümlerinde tertip-düzgüni berjaý etmek, şeýle hem serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz awgust aýynda bellenilýän Serhetçiler gününe taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, göz öňünde tutulan işleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek, ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Häzirki wagtda şu maksatlar bilen, Mejlisiň iş toparlarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlar kämilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda telekeçilik işini höweslendirmek, hasaba almak, döwletiň we hususy ulgamyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de işleriň käbir görnüşlerini ygtyýarlandyrmak meselelerini öz içine alýan kanunlaryň taslamalary bar.
Parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi. Şu maksat bilen umumymilli foruma gatnaşyjylaryň düzümi kesgitlenilýär. Halk maslahatynyň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky taryhy ornuny düşündirmek, demokratik esaslaryny ösdürmek boýunça çäreler görülýär hem-de gün tertibi boýunça teklipler öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň wajypdygyny nygtap, kanunçykaryjylyk işinde halkara tejribä nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda jemgyýetimizde demokratik esaslaryň berkarar bolýandygyny tassyklaýan giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Halk maslahatyna taýýarlyk görmek meselesine degip geçip we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belledi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu edaranyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigini belläp, bu ulgamda täze dünýä gazananlaryny peýdalanmak bilen, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri takyk berjaý etmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi döwlet strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň degişli düzümlerde işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işleriniň işjeňleşmegi hem-de halkara ýük daşamalaryň artmagy bilen baglylykda ýurdumyza getirilýän harytlary örän ykjam gözden geçirmegiň, şolaryň bellenilen hil ölçeglerine doly laýyk gelmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Bilelikdäki mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara möhüm hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüşi arzuw etdi.