milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet ähmiýetli meselelere garaldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet ähmiýetli meselelere garaldy
28.06.2018 1173 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny Ženewadan gelip gowşan hoş habar bilen başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 38-nji mejlisinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda” bilelikdäki Beýannama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bir hatarda, dünýäniň 23 döwleti ony bilelikde dörediji bolup çykyş etdi.

Milli Liderimiz habary kanagatlanma bilen kabul edip, bu wakanyň taryhy ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de medeniýetleriň köpdürlüligine hormat goýmagyň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga hem-de ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýän esasy gurallaryň biri hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni mirasy gorap saklamagyň adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde möhüm orny eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, her bir ynsanyň medeni durmuşa hem-de medeni mirasa gatnaşmaga hukugyny we mümkinçiliklerini kesgitlemäge hem ýardam edýändigini belledi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu gurama parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde hem-de bütin dünýäde durnukly ösüşi gazanmak bilen bagly başlangyçlarymyzy goldaýar.

Biz bu goldawa ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda möhüm resminamanyň kabul edilmegini goldan döwletleriň ählisine, bütin Milletler Bileleşigine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy bu möhüm ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň şu aýda 2019 — 2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-nyň agzalygyna saýlanylandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ozal ýurdumyz 2013 — 2015-nji ýyllar üçin bu abraýly düzümiň agzalygyna saýlanmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş boýunça 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen bütindünýä sammitiniň taýýarlyk çärelerine işjeň gatnaşdy.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy gulluklary we ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar esasynda gurap, häzirki döwürde BMG-niň 9 düzüminiň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar.

EKOSOS-nyň howandarlygyndaky syýasy foruma BMG-niň ulgamynda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça gün tertibiniň ýerine ýetirilişini seljermek boýunça möhüm orun berilýär. Şu ýyl forumyň çäklerinde ilaty suw serişdeleri bilen üpjün etmek hem-de suwdan rejeli peýdalanmak, energiýanyň ygtybarly, durnukly we häzirki zaman çeşmelerine elýeterliligini üpjün etmek, ekologiýa, şol sanda çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi aýawly saklamak ýaly meselelere garalar.

Mundan başga-da, bu ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde 18-nji iýulda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň tanyşdyrylyşyny hem-de degişli sergini guramak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek arkaly durnuklylygy pugtalandyrmak meselesine we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna bagyşlanan çäräniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Syýasy forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini hem-de 50-den gowrak halkara guramany birleşdirer. Şunuň bilen baglylykda, onuň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hökümet wekiliýetini ugratmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köpugurly işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny, ýurdumyzyň bar bolan oňyn tejribesini, parahatçylyk döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwletimiz daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, BMG bilen köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Oňyn bitaraplyk, “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol syýasatyň özenini düzýär. Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-nyň agzalygyna saýlanylmagy bilen häzirki döwrüň wajyp wezipelerini üstünlikli çözmegiň, sebit hem-de dünýä möçberinde ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň EKOSOS-nyň howandarlygyndaky syýasy foruma gatnaşmagyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Bilelikdäki mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz A.Baýramowy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda milli parlamentiň alyp barýan işi, ýerlerde guralýan köpçülikleýin çärelere deputatlaryň gatnaşyşy hakynda habar berdi.

Häzirki döwürde parlamentiň iş toparlarynda türkmen döwletiniň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini we jemgyýetimiziň durmuş ulgamynyň beýleki pudaklarynyň ösüşini şertlendirýän birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanylýar. Halk maslahatynyň ilkinji mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy demokratiýalaşdyrmagyň we düýpli özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlise möhüm ornuň degişlidigini belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kanunçykaryjylyk işi Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli gatnaşyklarynyň ösdürilmegini talap edýär. Ähli kanunlar, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadançylygyna, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, parahatçylykly we döredijilikli zähmeti üpjün etmek üçin oňyn şertleriň döredilmegine hyzmat etmelidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halk maslahatyny geçirmek bilen baglanyşykly gelip gowuşýan teklipleri düýpli öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Öňde boljak umumymilli maslahatyň ähli guramaçylyk meseleleri takyk işlenip taýýarlanylmalydyr.

Soňra milli howpsuzlyk ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewe Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin ýokary döwlet sylagy bolan “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanandygy baradaky habary ýetirdi.

Berdimuhamet Annaýew paýhasly mugallym, edermen esger, mähriban topragyny söýýän ynsan hökmünde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda batyrlarça söweşdi. Onuň durmuş we zähmet ýoly häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň, maksadaokgunlylygyň, jogapkärçiligiň, borja we pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň döwlet Baştutanyna Berdimuhamet 
Annaýewe berlen ýokary döwlet sylagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sylag biziň watandaşlarymyza, ikinji jahan urşunyň söweşlerinde söweşen gaýduwsyz esgerlerimize we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň berkarar bolmagy ugrunda baş goýan pederlerimize goýulýan hormatyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Olaryň her biriniň ýeňil bolmadyk durmuş ýoly häzirki döwürde edermenligiň, watansöýüjiligiň, mähriban topragy we halkyňa söýginiň hem-de wepaly gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini belläp, bu sylagyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak ugrunda edilýän bilelikdäki tagallalaryň hem-de türkmen-rus gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün etmek, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli sebit we milli maksatnamalaryň hem-de iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek maksady bilen, maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, ýakyn geljek üçin meýilleşdirilen, degişli maksatnamalarda bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, polipropilen plýonkalary öndürjek desgada ýerine ýetirilýän sazlaýyş-synag işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny köpugurly esasda ösdürmek, energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak, nebit we gazhimiýa önümleriniň giň görnüşini öndürmäge niýetlenen häzirki zaman önümçiliklerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu işleriň hemmesi ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen plýonkanyň önümçiligi boýunça kärhananyň hem-de Hazar deňziniň sebitinde gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gowaça ideg etmek işleri, hatarara bejergisi we ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Şu güne çenli tutuş ýurdumyz boýunça 1 million 30 müň tonnadan gowrak türkmeniň guşgursak ak bugdaýy ýygnaldy. Saçaklarymyzyň berekedi bolan galla hasyly kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşalýar. Döwlete tabşyrylan däne üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, orakdan boşan meýdanlarda saman ýygnamak we şüdügär sürümini geçirmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz orak möwsüminiň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere jogapkärli möwsümi öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur toplumlaýyn çäreleri üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem orakdan boşan meýdanlara aralyk ekinler ekilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça edilýän ideg işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak we ýurdumyzda gök önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak ugrunda öňde durýan toplumlaýyn wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümleriniň döredilmegi, gaýtadan işleýän pudaklaryň ösüşiň täze usulyna geçirilmegi, ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply öndürilýän önümleriň mukdarynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň döredilmeginiň ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, abadançylygyň ýokary derejä ýetirilmeginiň, Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň möhüm şertidigini belledi. Şu babatda senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna möhüm orun degişlidir. Şolar önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we işi köpugurly esasda guramagyň, baý tebigy serişdeleriň esasynda täzeçil önümçilikleriň döredilmegine maýa goýum serişdelerini gönükdirmegiň netijesinde dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik aldylar.

Döwlet Baştutanymyz senagatlaşdyrmagyň ösüşiň täze derejesine çykmalydygyny belläp, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklary we eksport ugurlary üçin möhüm ähmiýeti bolan taslamalaryny özleşdirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sebitlerde täze önümçilik desgalarynyň gurluşygyny yzygiderli alyp barmak, ozal bar bolanlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çalt çözülmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew täze awtomobil ýollaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça hemme ýerde inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän döwrebap ulgamlary, yşyklandyryş enjamlaryny we awtobus duralgalaryny täzelemek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini, pyýadalar üçin niýetlenen ýollaryň we ýerasty geçelgeleriň abadanlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen işleriň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.

Ykdysady nukdaýnazardan, bu ýollar ýolagçylary gatnatmak hem-de ýükleri, şol sanda üstaşyr ýükleri daşamak üçin amatly ugurlar bolup durýar. Milli Liderimiz häzirki zaman şertlerinde ýük dolanyşygynyň möhletleriniň gysgaldylmagynyň bäsdeşlik babatda uly artykmaçlygy üpjün edýändigini, munuň bolsa, öz nobatynda, halkymyzyň abadançylygyna oňyn täsir edýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew paýtagtymyzda “Tiz taksi” hyzmatyny ornaşdyrmak hem-de “Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýolunyň Etrek bekedinde multimodal logistika merkezini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan taksileri gyssagly çagyrmak boýunça Internet hyzmatlaryny girizmek hakyndaky teklip öňe sürüldi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin synag geçirmek üçin ýeňil awtoulaglarda ýörite planşetler oturdyldy. Şeýle hem “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Internet ulgamynda ulanylýan ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Bu ýolagçylara ýerine ýetirilýän hyzmatlar, bahasy, ýoluň uzynlygy hem-de ugry hakyndaky zerur maglumatlary berýär.

Wise-premýeriň hasabaty ýörite wideorolik arkaly utgaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag düzüminiň ösdürilmeginiň, awtomobil we beýleki görnüşli ulaglaryň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Paýtagtymyzyň ulag binýadynyň üstüni ýetiren döwrebap awtomobil ulaglary täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy, şaýollaryň we köçeleriň çekilmegi bilen öz çäklerini has-da giňeldip, şäherde amatly hereket edýär.

Milli Liderimiz “Tiz taksi” hyzmatyny girizmek hakyndaky teklibi oňlap, taksi ulaglarynyň ulagyň ýerleşýän ýerini kesgitleýän hem-de tizligiň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik edýän degişli enjamlar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa babatda aýratyn talaplaryň bildirilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dünýäniň iň gowy tejribelerini we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýän öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň öwrenmek hem-de olary ornaşdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer degişli slaýdlary görkezmek arkaly ýükleri halkara “Demirgazyk — Günorta” ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça öz wagtynda eltmek ugrunda alnyp barylýan işler hem-de Etrek bekedinde multimodal logistika merkezini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

“Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmeginiň Ýewropa döwletleriniň Pars aýlagyna çykmagy üçin gysga ýoly üpjün eder, Türkmenistanyň sebitde üstaşyr geçelgeleri we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm orun eýelär diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kararnamany kabul etmegi aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz Etrek bekedinde multimodal logistik merkeziniň döredilmegine ünsi çekip, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, döwrebap guramaçylyk we usulyýet çemeleşmeleriň ösdürilmegine giň mümkinçilik açýandygyny nygtady. Munuň özi anyk hasaplamalary, ulag gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Milli Liderimiz bu işleriň maksadalaýyk guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Pudagara toparynyň döredilmegi baradaky teklibi makullap, bu ugurda degişli işleri alyp barmak hakynda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Wena şäherinde türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny geçirmek hakyndaky teklibi hödürledi.

Bu çäräniň baş maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekden, Ýewropanyň bazarlaryna ýurdumyzyň önümlerini eksport etmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmekden, hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikdäki taslamalaryň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, Diýarymyzyň erkin ykdysady zolaklarynda täzeçil önümçilikleri döretmekden, aragatnaşyk we logistika pudaklarynda gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda syýahatçylygy ösdürmekden ybaratdyr.

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, hususy pudaga döwlet tarapyndan berilýän goldaw, türkmen telekeçilerine ynanylan giň göwrümli maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Awstriýanyň öňdebaryjy kärhanalary bilen tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara işewür çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berip, şolaryň daşary söwda gatnaşyklarynyň berkidilmegine we giňeldilmegine, Türkmenistanyň maýa goýum hem-de eksport mümkinçilikleri bilen dünýä bileleşigini tanyşdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geljegi uly taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek üçin hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin meýilnamalary boýunça binýadyň ýokary derejede goýulmalydygyny aýdyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa iýul aýynda geçiriljek medeni çäreler, milli baýramçylyk we şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly ulanylmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralaryny guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli maslahatlary, sergileri, konsertleri geçirmek we bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we Gökderedäki, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dürli bäsleşikler, sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar we Saglyk ýoluna ýörişler guralar.

Medeni çäreleriň hatarynda Hazaryň kenarynda dynç alyş merkezli akwаparkyň we “Awaza” şypahanasynyň, şeýle hem durmuş we senagat maksatly dürli desgalaryň açylyş dabaralaryna bagyşlanan döredijilik çäreleri bar. 1—7-nji iýul aralygynda Aşgabatda teatr festiwaly geçiriler. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň çäreleriniň dowamynda iýul aýynyň ikinji ýarymynda Balkan welaýatynda “Küştdepdi — dünýä medeniýetiniň gymmatlygy” atly festiwal bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda geçirilýän döredijilik çäreleriň türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezmelidigini belledi. Medeniýet we sungat işgärleri ýokary ussatlyklaryny görkezip, milli medeniýetiň mundan beýläk-de ösmegini, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilmegini şertlendirýän möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Her ýylyň 21-nji iýulynda döwlet derejesinde bellenilýän bu baýramçylygyň hormatyna “Saglyk — 2018” atly halkara sergini we ylmy maslahaty, şonuň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş edaralaryny ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz belledi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etmeginiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzda harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem asudalygy we abadançylygy saklamak maksady bilen, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynda özgertmeleri durmuşa geçirmäge ünsi çekip, berkarar türkmen döwletiniň goşunyň kuwwatyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli alada edýändigini belledi. Ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, Watan goragçylarynyň gullugy, döwrebap durmuşy we dynç alşy üçin zerur şertleri döretmek ileri tutulýan wezipeler bolup durýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ähli harby düzümlerde goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna degişli beýleki birnäçe mesеlelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip ygan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.