18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir
resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň
dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly
ösüşine gönükdirilen birnäçe meselelere garalandygyny we degişli resminamalaryň
kabul edilendigini belledi.