19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam
arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň
taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işleriniň
kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça
degişli düzümler tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler hasabatlarda beýan
edilen aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylan,
ugurdaş düzümler bilen bellenilen tertipde deslapky ylalaşylan hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylýan degişli resminamalar
barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň
mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we
milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň
möhümdigine ünsi çekdi.