Düýn – 29-njy
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň
ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz
mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we
eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr
gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we
ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly
sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.
Soňra Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk
we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň
başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek
Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip,
jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi
mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek,
hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk
getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi.
Mundan başga-da,
mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.