1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Medeniýet hepdeligine
hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň
hem-de çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry»
bäsleşigine häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň
biridigini belläp, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da
pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Jemi içerki önümiň görkezijisini
ýokary derejede saklamak hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny
durmuşa geçirmek häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama
geçirmek, önümçilige döwrebap tehnologiýalary hem-de ylmy işläp taýýarlamalary
ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygy
nygtaldy. Munuň özi ähli pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmak, şonuň netijesinde,
milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak we ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.