milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
30.07.2022 663 Habarlar

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli waka — Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 28-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.