21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen
duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny
birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde
strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas
bolup durýandygyny nygtaldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň
söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny
pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny
berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlandan soň, Gahryman Arkadagymyz özbek
Liderine türkmen alabaýyny sowgat berdi. Oňa Alabaý diýen ady dakdylar.