Ýurdumyzyň mekdepleriniň okuwy
tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw
mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildiren uçurymlaryň harby
gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar.
Bu barada «Harby borçlulyk we harby
gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynda aýdylýar.
Kanun «Raýatlary harby gulluga
çagyryş möhletini yza süýşürmek» atly 19-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji
bendinden soň aşaky bendi goşulýar.
Bu bentde «umumybilim edaralaryny we
ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň
ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg
bildirenlere» diýip, aýdylýar.
Kanun resmi taýdan çap edilen
gününden herekete girizilýär.