30-njy
noýabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe
kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
«Türkmenistanyň
2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we
«Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda»
Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy
meseleleri boldy. Maslahata hökümet agzalary degişli ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Döwlet
býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi durmuş pudagynyň, şol sanda bilim,
saglygy goraýyş, medeniýet, sport we jemagat hojalygy düzümleriniň
maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.
Çykyş edenler
ýurdumyzyň geljek ýyl üçin çaklanylýan ykdysady, medeni we durmuş ösüşiniň
görkezijilerine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, maliýe-hukuk resminamasyny
taýýarlamak babatda ähli pudaklar boýunça seljerme işleri geçirildi, döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet mejlislerinde aýdan anyk
bellikleri, teklipleri we sargytlary göz öňünde tutuldy.
Býujetiň
girdeji bölegi esasan nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we
beýlekiler ýaly wajyp önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüldi.
Şeýle hem obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, dokma we azyk senagatlary sazlaşykly ösüşe eýe bolar.