1. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Harby-deňiz instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidentine,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn
pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim
maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, Harby-deňiz
institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik
ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby
mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny giriş
synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar
berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli
hasaplanylýar.
2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren
dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň
çäklerinde, matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary
hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler
kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
3. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň,
etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna
çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby
wekilliklerinde kabul edilýär.
4. Dalaşgärler, okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin
maglumat almak üçin, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine
ýüz tutup bilerler.
Kabul ediş topary.