milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde alty aýyň dowamynda ýerine ýetirlen işlere seredildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde alty aýyň dowamynda ýerine ýetirlen işlere seredildi
03.07.2018 1558 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany ýerine ýetirmegiň çäklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi hakynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işler barada hasabat berip, Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, berkarar Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarlydygyny, halkymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň we abadan durmuşynyň goragynda durýan gulluklaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk edaralarynyň işiniň kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmelidigini, şeýlelikde, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmalydygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň netijeli işi üçin degişli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna, hünär we bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi.

Içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda hukuk tertibini üpjün etmek, ulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, has amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny emele getirmek üçin ähli zerur tagallalaryň wajypdygyny belledi. Ýylyň tomus paslynda edaralaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýangyn howpy bolan desgalaryň çäginde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işi hakynda aýdyp, Belent Serkerdebaşymyz ýolagçylaryň we ulag serişdeleriniň sazlaşykly hereketini üpjün etmek üçin goşmaça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren wajyp tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlary harby gulluga çagyryş boýunça ýazky möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi barada habar berildi.

Goranyş düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere degip, döwlet Baştutanymyz Milli Ýaragly Güýçleri kämilleşdirmekde onuň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, söweşjeň taýýarlygynyň saklanmagynyň, tehniki taýdan enjamlaşdyrmak derejesiniň, harby gullukçylaryň söweşjeň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagynyň häzirki döwrüň gün tertibiniň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýtdy. Ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde syýasy-terbiýeçilik, bilim, ylmy-tehniki we jemgyýetçilik işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet önümçiligi ulgamyny kämilleşdirmek, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet işlerine garalanda ýokary kanunçylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem kazyýet işgärleriniň hünär baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň Türkmenistanyň alyp barýan hem-de durmuş ulgamyna gönükdirilen syýasatynyň beýik maksatlaryna, halkyň asuda durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini ugur edinýän wajyp wezipelere doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Kazyýetiň çykarýan çözgütlerinde kanunylygyň berk berjaý edilişiniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Ýokary kazyýetiň başlygyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri göwnejaý derejede guramak boýunça görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleri we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda birnäçe döwlet düzümlerinde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Bar bolan ygtyýarlyklary, degişli gözleg çärelerini netijeli peýdalanyp, bu düzümiň işgärleri ýurdumyzda kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelidirler. Şeýle hem olar raýatlaryň hukuklaryny hem-de erkinliklerini, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini kanun tarapdan goramak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini halkara ülňülere laýyk ýagdaýda kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goraglylygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler we umuman, Türkmenistanyň serhetlerindäki ýagdaý barada Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew hasabat berdi. Şeýle hem serhet galalarynyň binalaryny we desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň barşy, olaryň degişli tehnikalar hem-de enjamlar bilen häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede üpjün edilişi hakynda habar berildi.

Serhetçileriň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn wajypdygyny belläp, milli Liderimiz olaryň öz işlerinde Döwlet serhediniň goragynda berk durmak ýörelgelerine esaslanmalydyklaryny, ýurdumyzyň köpasyrlyk dostluk, parahatçylyk söýüjilik we sebitiň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik-watansöýüjilik çärelerini yzygiderli guramagy tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de degişli kanunçylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetiniň artýandygyny nazara alyp, gümrük bölümlerinden geçýän dürli kysymdaky ulaglara geçirilýän barlag işleriniň kämilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň öňünde özygtyýarly döwletiň milli bähbitleriniň goragyna, milli ykdysadyýetiň we ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Gullugyň düzüm bölümleriniň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagyny, oňa daşary döwletleriň öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagyny, gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda bir bitewi awtomatlaşdyrylan maksatnama ulgamynyň peýdalanylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Gullugyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gümrük işleri üçin döredilen şertleriň berjaý edilişine degişli gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — iýun aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de dünýäniň hukuk ülňülerine laýyk getirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ministrligiň öňünde hukuk boýunça halkara tejribesine işjeň goşulmak, ony bu düzümiň işgärleriniň çuňňur öwrenmegini ýola goýmak ýaly möhüm wezipeleriň durandygyny belledi. Milli Liderimiz güýje girizilýän kanunçylyk namalaryny ilat arasynda giňden düşündirmegiň guralynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy. Adamlar öz hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünmelidirler.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu gullugyň işiniň beýleki düzümler bilen bilelikde alnyp barylmagy daşary döwletler bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini hem-de umuman, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Gullugyň öňünde durýan we onuň borçlaryndan hem-de ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy migrasiýa gullugynyň işgärlerine daşary ýurtlardan gelýän raýatlara we myhmanlara bolan gatnaşykda hoşniýetli häsiýetiň mahsus bolmalydygyny belledi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy göreşmek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň düzümiň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Häzirki döwürde korrupsiýa garşy göreş döwletimiziň we jemgyýetimiziň möhüm wezipeleriniň birine öwrüldi diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi. Milli Liderimiz kadalaşdyryş binýady işläp taýýarlamak we ykdysady jenaýatlaryň öňüni almak, salgyt boýunça hukuk bozmalary ýüze çykarmak, ykdysadyýetde bikanun hereketleri açmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek boýunça çäreleri guramagyň gullugyň işiniň esasy ugurlarydygyny belledi. Ykdysady jenaýatlaryň öňüni almak ugrunda jemgyýetçilik bilen zerur işleri guramagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň jemini jemläp, döwlet Baştutanymyz diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy hem-de ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmeginiň möhüm şerti bolup durýan kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň berjaý edilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara alyp barýan möhüm hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.