Düýn – 6-nji
noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralar
tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün
etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly
meseleler girizildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny belledi. Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de uly üns beriljekdigi aýratyn nygtaldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.