19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany 2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar
Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany 2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar
12.01.2021 553 Habarlar

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.

Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýdy. Şu ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleriň hemmesiniň şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr.

Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada 2021-nji ýylyň şygarynda döwletimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlary, Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň, milli taryhy-medeni gymmatlyklara ygrarlylygynyň öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.