milli goshun logo
Türkmenistanda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär
Türkmenistanda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär
17.11.2022 816 Habarlar

16-njy noýabrda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer.

Dostluk festiwalynyň açylyşynyň öň ýanyndaky günde — 15-nji noýabrda oňa gatnaşyjylar «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy we medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördüler. Türkmen halkynyň keramatly ýerlerine hem-de gadymy binagärlik ýadygärliklerine guralan gezelenç iki goňşy halkyň taryhy we ruhy kökleriniň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň umumylygyndan ýene bir nyşan boldy.

Festiwalyň açylyş dabarasyna iki döwletiň medeniýet ulgamynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, žurnalistler, köp sanly myhmanlar, ýaşlar gatnaşdylar. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada teatr artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köpöwüşginli tomaşa ýaýbaňlandyryldy. Ol Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Myhmansöýerlik» diýen bölümi esasynda taýýarlanyldy.