milli goshun logo
Türkmenistanda «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
Türkmenistanda «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
26.05.2023 2395 Habarlar

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

...Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, şeýle hem bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýdular.

Dürli sport ýaryşlaryna gatnaşan, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan hem-de döredijilik bilen meşgullanyp has tapawutlanan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Agşam baýramçylyk dabaralary Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza hem-de mekdep ýyllaryna bolan söýgä bagyşladylar. Horeografik, folklor toparlary, ýaş aýdymçylar tomaşaçylary öz çykyşlary bilen begendirdiler.

Şu gün orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda-da geçirildi.