Türkmenistanyň harby wekillikleri ýurdumyzyň
raýatlaryny ilkinji harby hasaba almak işlerini geçirip başladylar. Bu işiň
çäklerinde ýaş ýigitler lukmançylyk barlaglaryndan geçip, çagyryş bölümlerine bellenilýärler.
Şeýlelik-de, geljekki harby gulluga çagyryljak adamlaryň sany, olaryň nyzamly
gulluga ýaramlylygynyň, beden taýýarlygynyň derejesi kesgitlenilýär.
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň
Kanunyna laýyklykda, erkek raýatlary harby hasaba goýmak işi raýatyň 16 ýaşyny
doldurmagy bilen başlanýar. Hasaba almak işi ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda
amala aşyrylýar.
Bu işiň çäklerinde ýaş ýigitler bilen ýekebara
gürrüňdeşlikler geçirilýär, olaryň gerekli resminamalary taýýarlanylýar. Eger
lukmançylyk barlagynyň çäklerinde bejerişe ýa-da lukmançylyk gözegçiligine
mätäçligi bolan çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitler ýüze çykan ýagdaýynda, olara
bejeriş-öňüni alyş edaralaryna ýörite ýollanma berilýär.
Çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitlere
harby-watançylyk mowzugynda düşürilen gysga göwrümli wideoýazgylar görkezilýär
we harby gullugyň artykmaçlyklary barada giňişleýin gürrüňler berilýär.
«Milli goşun».