2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Ýurdumyzyň bugdaý meýdany 690 müň gektar ýeri eýelär. Babadaýhanlar şonça meýdandan 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda — 400 müň, Mary welaýatynda — 345 müň, Lebap welaýatynda —310 müň, Daşoguz welaýatynda — 265 müň we Balkan welaýatynda — 80 müň tonna däne ýygnap almagy maksat edinýärler.
Şu möwsümde Türkmenistan boýunça «John Deere», «CLAAS», «Case», «Belarus-80H» we «Belarus-82.1» kysymly ýer sürüji traktorlaryň 2 müň 583-si hem-de hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 7 müň 605-si, şeýle hem ekijileriň, enjamlaryň 1723-si we daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Şu ýyl gelip gowşan täze tehnikalar ekerançylar üçin oňat goldaw bolar. Şol tehnikalar olara ekiş möwsümini has oňaýly möhletlerde geçirmäge kömek berer. Bu bolsa bereketli hasyly almagyň girewidir. Hususan-da, bu tehnikalar dolandyrmagyň telematiki sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan 155 sany «John Deere» traktorlarydyr.