milli goshun logo
Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 1192 raýatyň günäsi geçildi
Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 1192 raýatyň günäsi geçildi
16.05.2020 2107 Habarlar

15-nji maýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň, hemişe bolşy ýaly, uly baýramlarymyzyň öňýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp, jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler ýurdumyzda yzygiderli geçirilip durulýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berdi. Wise-premýer bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Permanlara gol çekdi hem-de olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi. Resminama laýyklykda, asylly däbimize eýerilip, iş kesilen raýatlarymyzyň 1192-si hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 210-sy mübärek Gadyr gijesi mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar.