milli goshun logo
Türkmenistan — ÝUNESKO: Hoş habar
Türkmenistan — ÝUNESKO: Hoş habar
20.11.2023 616 Habarlar

 

Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna barýan toýly günlerimizde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanyldy.

Bu şanly waka Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyna, oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.