28-nji noýabrda
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş
enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň
işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat —
telekommunikasiýa ulgamlary» atly ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň
aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy ugry
boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde
gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekilmegi
dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekilleri ýygnan forumyň aýdyň netijeleriniň biri
boldy.
Gadymyýetde
Beýik Ýüpek ýolunyň geçen çäklerini öz gerimine alýan bu taslamanyň amala
aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer we Aziýa bilen
Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň
diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy
pugtalandyrar. Statistik maglumatlara görä, Aziýanyň ilaty 4 milliard adamdan
geçýär, Ýewropada 990 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Yklymlaryň arasynda
maglumatlary alyşmagyň zerurlygy sekuntda 200 — 400 gigabit möçberinde hem-de
sekuntda 4-5 Tbaýta çenli internet-trafik alyşmasyny giňeltmäge mümkinçilik
döreder.