milli goshun logo
Türkmenistan – Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy
Türkmenistan – Owganystan: kontinental ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy
18.01.2021 627 Habarlar

16-njy ýanwarda paýtagtymyzda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň -- Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, “Akina-Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur - Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy.

Çärä ministrlikleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri hem-de 15 ýurtdan žurnalistleriň 30-dan gowragy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bu çärä goşuldylar.

Brifingiň dowamynda bu taslamalaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Owganystany sebit we halkara ykdysady işlere yzygiderli gatnaşdyrmaga, bu ýurduň yklymyň ulag-logistika aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen nobatdaky anyk ädimlerdigine aýratyn üns berildi.