Ýazky gowaça
ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň
oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.
Häzirki wagtda
ABŞ-niň «John Deere» kompaniýasyndan telematik sanly elektron ulgam arkaly
dolandyrylýan takyk gowaça ekijiler we bejergi traktorlary gelip gowuşdy. Şeýle
hem bu tehnikalar ekerançylyk meýdanlarynda ornaşdyrylyp başlanyldy. Oba
hojalygynda mehanizmleşdirilen işleriň sanly tehnologiýalar we telematik ulgam
arkaly ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usulda işläp bejermäge mümkinçilik
berýär.
Ýurdumyza şu
ýylyň mart — aprel aýlarynda bu kysymly traktorlaryň jemi 155-si we olar üçin
şonça teker toplumlary we kultiwatorlar hem-de seýalkalaryň 98-si gelip
gowuşar.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasy bilen Türkmenistana 600 pagta ýygyjy kombaýnlary getirmek barada täze iri ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň 300-si 2019-njy ýylda gelip gowuşdy, ýene-de 300-si 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsümine çenli gelip gowşar.