21-nji aprelde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy.
Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýär.
Tegelek stola gatnaşyjylar döwlet we hususy pudaklaryň tagallalaryny birleşdirmegiň, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça gowşak döwletlere ýardam bermegiň we bu ýagdaýa innowasiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bir hatarda, howanyň üýtgemegi babatda meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.