2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar.
21-nji aprelde – günüň ikinji ýarymynda BMG ÝYK-na agza-ýurtlaryň arasyndan Komissiýanyň Başlygynyň we başlygyň orunbasarlarynyň wezipesine saýlawlar geçirildi.
Biragyzdan kabul edilen çözgüt bilen, 2021-2023-nji ýyllar döwür üçin BMG ÝYK-nyň Komissiýanyň Başlygynyň we başlygyň orunbasarlarynyň wezipesine indiki ýurtlar saýlandy: Başlyk – Awstriýa Respublikasy; Wise-başlyklar bolsa – Şweýsariýa Konfederasiýasy we Türkmenistan.