BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wideogörnüş arkaly geçiren iki günlük maslahatynda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine nobatdaky Milli çykyşynyň taýýarlanylmagyna goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bellenilişi ýaly, bagtly çagalygy üpjün etmek, ýurdumyzyň körpe nesilleriniň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde Türkmenistanda çagalaryň doly derejeli, sazlaşykly ösüşi we terbiýelenilmegi, körpe nesilleriň zehinlerini açyp görkezmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Bu örän jogapkärli işde BMG-niň agentligi, ilkinji nobatda bolsa, ÝUNISEF esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, Durnukly ösüş maksatlary bilen berk baglanyşykly döwlet ösüşiniň wajyp wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.