13.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi döredildi
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi döredildi
08.02.2020 258 Habarlar

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyz bolan ajaýyp halylarymyzyň möhümdigini we gymmatlygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzda halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdan baý tejribesini nazara alyp, Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine O.Işangulyýewany belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz öz önümlerimizi eksport etmek işini gowulandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrligini we «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän toplumyna bermek kararyna gelendigini habar berdi.