Tomsuň jöwzaly günleri çagalykdan halanylýan ýürek sowadyjy doňdurma isleg artýar. Türkmen telekeçileri bu sowuk süýji tagamyň ençeme görnüşini teklip edýärler. Olar ýurdumyzyň içerki bazarynyň talaplaryny doly kanagatlandyrýarlar hem-de daşary ýurtlara-da önüm iberýärler.
«Bakjam söwda» kärhanasy Türkmenistanda iri doňdurma öndürijileriň biridir, onuň önümleri söwda nokatlarynda on ýyldan gowrak wagt mundan ozal peýda boldy. «Bakjam» söwda belgili «Ýüpek ýoly», «Dostluk», «Ertekiler dünýäsi», «Alaja», «Jadyly», «Sowgat», «Magma», «Fakel», «Miwe lezzeti», «Maşgala», «Bereket», «Balam», «Sähra» we «Karnet» ýaly doňdurmalara uly isleg bildirilýär. Kärhanada ýerli arassa çig maldan ýewropaly öndürijileriň ýokary tehnologýaly enjamlarynda datly tagam öndürilýär.
«Täze aý» kompaniýasy-da doňdurmanyň 40-a goalý görnüşini çykarýar. Onuň ýokary hilli önümlerine diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşaýjylary-da ýokary baha berdiler. Indi birnäçe ýyl bäri kompaniýa HHR-a iberýän doňdurmasynyň möçberini barha artdyrýar. 2020-nji ýyllda Hytaýyň demirgazyk-gündogar sebitine (Ninbo we Wençžou şäherlerine) ýüzlerçe tonna doňdurma ugradyldy. Şu ýyl ony yzygiderli eksport etmek göz öňünde tutulýar.