milli goshun logo
Türkmen paýtagtynda we Mary welaýatynda täze mekdepleriň açylyş dabaralary boldy
Türkmen paýtagtynda we Mary welaýatynda täze mekdepleriň açylyş dabaralary boldy
02.09.2020 1031 Habarlar

1-nji sentýabrda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň öňündäki owadan bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaý emele geldi. Dabara mynasybetli mekdebiň çäklerini owadan şarlar, dürli öwüşgindäki bezeg serişdeleri we baýdaklar bezedi. Aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bu waka ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Täze okuw binasynyň toplumyna 720 okuwçy orunlyk mekdep hem-de 320 körpä niýetlenen taýýarlaýyş topary girýär. Bu ýerde okuw derslerini, terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri, okuwçylaryň bilimini artdyrjak çäreleri guramak üçin hemme şertler döredilipdir. Synp otaglary we iş otaglary häzirki zaman multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edilipdir. 

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Oktýabr obasynda 320 orunlyk iki gatly täze mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Täze desga “Erkin zähmet” hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň tagallalary bilen bina edildi. Umumy meýdany 2550 inedördül metr bolan döwrebap bilim edarasy hormatly Prezidentimiziň öňe süren milli maksatnamasynyň çäklerinde guruldy.