milli goshun logo
Türkmen hemrasynyň mümkinçilikleri
Türkmen hemrasynyň mümkinçilikleri
09.05.2024 276 Tehnologiýa

Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylda Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.

Älem giňişligindäki türkmen emeli hemrasy ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge, türkmen teleradioýaýlymlaryny ýokary hilli görnüşde alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Hemranyň bu mümkinçilikleri esasynda biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlar alşylýar. Giň zolakly internet hyzmatlary guralýar. Belli bir aralykdan okuw işi, lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar, şol sanda wideoşekilli dürli maslahatlar geçirilýär.

«TürkmenÄlem 52°E»Türkmenistanda kosmos bilen bagly ylmy-barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge, döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamyna daýanýan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, ylmy taslamalary amala aşyrmaga, ählitaraplaýyn innowasion ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Milli emeli hemramyz  ata Watanymyzyň Ýewraziýa giňişliginde we bütin dünýäde hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurup, häzirki zaman  aragatnaşyk ulgamyny dabaralandyrýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.