20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan
Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýewiň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen-gazak
parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki
ýurduň arasynda ýola goýlan açyklyk, özara hormat goýmak we düşünişmek
ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklary kanagatlanma bilen
bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Dostlukly ýurduň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy
hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygyny resmi sapar bilen Gazagystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk
minnetdarlyk bilen kabul edildi.