milli goshun logo
Türkmen edermenleriniň dabaralanmasy
Türkmen edermenleriniň dabaralanmasy
08.09.2019 2065 Harby özgertmeler

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryna bagyşlanan aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Dabaraly çärä dürli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary, harby talyplar we Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşdylar. Olar Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeleriniň we harby aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny üns bilen diňlediler. Çykyşlarda edermen Watan goragçylarynyň göreldesine eýerip, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Zehinli harby gullukçylar tarapyndan türkmen halkynyň edermenligini wasp edýän watansöýüjilik ruhuna beslenen aýdymlar aýdyldy.

Çäräniň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki harby türgenleşikleri biziň ýaşlarymyza jebislikde, agzybirlikde görelde mekdebi bolup durýar, olary sport bilen meşgullanyp, uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».