milli goshun logo
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby türgenleşigi geçirildi
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby türgenleşigi geçirildi
05.09.2019 3267 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki harby türgenleşigi geçirildi.

Bilelikdäki harby türgenleşigi häzirkizaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Edermen Watan goragçylary ýaraglaryň iň täze görnüşlerine we ýöriteleşdirilen harby tehnikalara ussatlarça erk etmegi başardylar.

Tälime Harby-howa Güýçleriniň dürli kysymly dikuçarlary hem gatnaşdy. Uçurmanlar şertli nyşanalary pulýemýotlaryň we raketalaryň kömegi bilen urup, öz işiniň ussatlarydygyny ýene bir gezek subut etdiler.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».