milli goshun logo
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary ýaşlarda harby gulluga bolan höwesi artdyrýar
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary ýaşlarda harby gulluga bolan höwesi artdyrýar
18.12.2019 7070 Harby özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly toparlaryna «Türkmen edermen» ady dakyldy. Iýul we sentýabr aýlarynda milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagy geçirilende olar ajaýyp söweşjeň ukyplylygyny görkezdiler hem-de hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli Baş münberiň öňünden buýsançly gadamlary bilen dabaraly harby ýörişden geçdiler.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, harby türgenleşiklerde edermenligiň we batyrlygyň nusgasy bolan türkmen alabaýy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ýeňe dakylýan nyşanyny bezeýär. Şeýlelik bilen, bu tohum ite uly sarpa goýan ata-babalarymyzyň mirasynyň abraýy ýene bir gez beýgeldi.

30-njy noýabrda geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň VIII maslahatynda «Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly döretmek hakynda» Kanuny tassyklandy we kabul edildi. Bu medal aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde şahsy edermenlik görkezendikleri, şeýle hem öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredildi.

Şular ýaly ruhlandyryjy wakalaryň şaýady bolup, harby gulluga çagyryşa degişli ýetginjeklerimiziň köpüsi ýörite maksatly toparlaryndaky harby gulluk bilen gyzyklanyp başladylar. Häzirki wagtda güýzki çagyryş möwsüminiň çäklerinde milli goşunymyzyň hatarlaryny dolduran birnäçe ýaş esgerler «Türkmen edermen» toparlarynyň harby bölümlerinde başlangyç harby taýýarlygynyň meýilnamasyny özleşdirýärler.

– «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryndaky harby gullugyň aýratynlyklaryny nazara alyp, biz sport bilen işjeň meşgullanan hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde gowy netijeleri görkezen ýaş oglanlary saýlap alýarys. Şol bir wagtda bize özüni kämilleşdirmäge, gün-günden has gowy netijelere ýetmäge höwesi bar bolan esgerler zerur – diýip, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň çagyryş boýunça harby gullukçylaryny taýýarlaýan serkerde aýdýar.

Ýörite maksatly toparlarynyň türgenleşik geçýän meýdançalarynda özboluşly duýgular döreýär. Bu ýerde edermen harby gullukçylar aýratyn çylşyrymly söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýarlyk görýärler. Olar el söweş sungatynyň tärlerini öwrenýärler, dürli ýaraglaryň ulanylşyny ele alyp, harby tehnikalaryň iň täze görnüşlerini dolandyrmagy özleşdirýärler.

– Harby gulluga gelmezimden öň, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen görkezme harby tälimleriniň birnäçesini gördüm. Olaryň taýýarlyk derejesi meni haýran galdyrdy. Hut şular ýaly harby bölümde gulluk ederin diýip arzuw edýärdim – diýip, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy habarçymyza gürrüň berdi.

 «Milli goşun».