milli goshun logo
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary ussatlyklaryny kämilleşdirýärler
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary ussatlyklaryny kämilleşdirýärler
05.09.2019 2089 Harby özgertmeler

Şu günki geçirilýän harby okuw-türgenleşiginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler.

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby gullukçylary ýaraglaryň dürli görnüşinden peýdalanyp, «garşydaşyň» tehnikasyna ot açmak we dikuçaryň kömegi bilen şertli söweşjeň operasiýalaryny geçirmek işlerini üstünlikli amala aşyrdylar. Şeýle hem «garşydaşyň» tehnikasy raketalaryň urgusy bilen hatardan çykaryldy.

Signal goýberiji raketany asmana goýberip, hersi dört adamdan ybarat bolan iki topar harby dikuçarlary kömege çagyrdylar. Dikuçarlar özünde bar bolan ýörite berkidiji ýüpüň kömegi bilen harby gullukçylaryň şertli meýdançany terk etmegine ýardam berdi.

– Bu harby türgenleşikde hakykata has golaý bolan şertler döredilipdir. Biz öz hereketlerimizi doly kämilleşdirmek üçin köp türgenleşdik we şertli kynçylykly ýagdaýlara ýeterlik derejede taýýarlyk gördük. Emma harby türgenleşik wagtynda ýakymly we şol bir wagtyň özünde jogapkärli duýgulary başdan geçirdim – diýip, biziň habarçymyza «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçysy aýtdy.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».