milli goshun logo
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary –  dabaraly harby ýörişiň bezegi
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary – dabaraly harby ýörişiň bezegi
27.09.2019 4055 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly başlangyjy esasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly toparlary «Türkmen edermen» diýlip atlandyryldy. Şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň tassyklamagy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň ýeňe dakylýan nyşanyna türkmen alabaýynyň şekili ýerleşdirildi.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde, hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Türkmen edermen» medalyny döretmek barada tabşyryk berdi we «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby okuw-türgenleşigine gatnaşyp, olaryň söweşjeň ussatlyklaryna, harby taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji sentýabrynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýdyp, ony ilkinji okyjylaryna sowgat berdi hem-de täze eseri bilen adybir goşgusyny döredendigini hem buýsanç bilen aýtdy. Täze goşgudaky «Gerek bolsa, gerçek ýaly, edermen türkmen alabaýy» diýen setirleriň ýakynda geçirilen harby okuw-türgenleşigi wagtynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň şahsy düzüminiň söweşjeň ussatlygyny synlan pursatlarynda dörändigini hem nygtady.

«Geçirilen harby tälimde esgerler we serkerdeler özleriniň ussatlyklaryny görkezip «Türkmen edermen» topary adyna eýe bolup, olaryň nyşanynda türkmen alabaýynyň bolmagy bellärliklidir.  Watan goragçylarynyň ata Watanymyz üçin şirin janlaryny gurban etmäge taýýardyklaryna göz ýetirdim» diýip, hormatly Belent Serkerdebaşymyz belläp geçdi. Munuň özi, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine berlen ýokary bahadyr we belent ynamdyr.

«Türkmen edermen» topary adyna eýe bolan merdana ýurt goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň we döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik ala­da­sy­na my­na­syp jo­gap ber­mek bi­len döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 28 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len har­by ýö­ri­şiň buýsançly be­ze­gi­ne öw­rül­diler. Olar dabaraly harby ýörişde ýurdumyzyň Baş münberiniň öňünden buýsançly başlaryny belent tutup, aýgytly gadamlary bilen geçdiler. Ata Watany­my­zyň, hal­ky­my­zyň, hor­mat­ly Belent Serkerdebaşymyzyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ber­jaý ed­ýän bu berk be­den­li hem-de ru­hu­be­lent «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary dogumlylygy bilen halkymyzyň kal­by­ny buý­sanç­dan dol­dur­dy.

Hut şonuň üçin hem biz bu başarjaň harby gullukçylara hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabyndaky arzuwlary beýan edýäris: «It gaýratyndan gaýratyňyz, wepalylygyndan bolsa ömrüňiz ýagşy işlere beslensin. Çünki mähriban Watanymyzyň ösüşleri il-halkymyzyň döredijiligine, paýhasyna, edermenligine daýanýar».

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».