13-nji iýun. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen harby okuw türgenleşiginde «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar iň döwrebap harby tehnikalardan we iň täze enjamlardan peýdalanyp, bilelikde sazlaşykly hereket edip birnäçe taktiki taýdan kyn wezipeleri ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar harby okuw türgenleşik meýdançasynda awto we motoulaglarda dessin hereket edip, ýüzugra zabt etmek boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýerine ýetirdiler we «garşydaş» tarapyndan ele salnan şertli şäherçäni sanalgyja minutlaryň içinde azat etdiler. Olar iň täze harby ulaglaryň nusgalaryndan peýdalandylar.
Bilelikdäki hereketleriň barşynda «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň mergenler topary özleriniň mergenliklerini garşylyklaýyn söweşijileri ýok etmegi bilen subut etdiler. Türkmen edermenleri täze howplara garşy göreşmek ukyplaryny özleriniň çägine giren garşydaşyň dronuny ýöriteleşdirilen enjamlar bilen hatardan çykarmak arkaly görkezdiler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary «Mi-17» kysymly dikuçarlardan howa şertlerine garamazdan dürli beýikliklerden toparlaýyn paraşýutly böküşleri amala aşyrýarlar.
Harby tälimde «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň okuw söweşjeň hereketleriniň görkezme çykyşlary diýseň täsirlili boldy.
Ýagny, bu çykyşda ýörite maksatly toparlar özleriniň başarnyklaryny görkezmek bilen çylşyrymly hereketler arkaly golaý aralykdan dürli ýagdaýlarda durup ot açdylar. Şeýlelikde «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar ýarag ulanmaklygyň inçe tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirip özleriniň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk edýändiklerini subut etdiler.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».