milli goshun logo
Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan sergi
Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan sergi
20.04.2019 1496 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler merkezinde 2019-njy ýylda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilýän bäsleşige hödürlenen işleriň sergisi açyldy. Bu bäsleşik hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzda eýýäm 9-njy gezek geçirilýär.

Sergide öz eserlerini belli suratkeşler we amaly-haşam sungatynyň ussatlary, talyp ýaşlar hem görkezdiler. Bu bäsleşigiň ýene-de bir aýratynlygy, žanrlaryň we nusgalaryň, özboluşly görnüşleriň, adaty bolmadyk tärleriň köpdürlüliginde jemlenýär, bu bolsa ýurdumyzyň çeperçilik gurşawynda bolup geçýän döredijilik işleriniň gerimine, ösüşiň täze ugurlarynyň gözlenilmegine şaýatlyk edýär.

Bedew baýramyna bagyşlanyp geçirilen sergä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň, Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň çagyryş boýunça harby gullukçylary, Harby institutyň talyplary, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Türkmen bedewleriniň turuwbaşdan harby sungata dahyllydygy biziň hemmämize mälim hakykat. Türkmenleriň at üstünde ýerine ýetirýän dürli oýunlarynyň irki döwürlerde söweş tilsimleri bolandygyny gadymy ýazuw ýadygärliklerimiz tassyklaýar. Alymlar Merkezi Aziýa halklarynyň at üstündäki milli oýunlarynyň häzirki zaman atçylyk sportunyň başlangyjydygyny aýdýarlar. Atçylyga degişli dürli edebiýatlarda gadym zamanlarda atly nökerleriň söweşden boş wagtlary at çapyşyk ýaryşlary, at üstündäki oýunlary, orta asyrlarda atly nökerleriň at üstündäki söweş tälimini beriji gylyçlaşmak, naýzalaşmak, nyşana atmak ýaly ýaryşlary muny doly kepillendirýär.

Geçirilen bu sergi hem geljekki ýurt goragçylarynda watançylyk duýgularyny kämilleşdirmek dogrusynda aýratyn ähmiýete eýedir.

«Milli goşun».