milli goshun logo
«Türkmen alabaýy» atly täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
«Türkmen alabaýy» atly täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
14.09.2019 1122 Harby özgertmeler

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň asyrlaryň dowamynda dö­re­dip, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de be­ýik yk­rar­na­ma eýe bolan mil­li gymmatlyklary­na be­lent sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy bi­ziň her bi­ri­miz­de çäk­siz buý­sanç duýgusy­ny dö­red­ýär. Şeý­le gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň sarpasynyň gün-gün­den be­len­de göteril­me­gi ne­sil­le­riň aňyn­da pederle­ri­mi­ziň irginsiz zäh­me­ti bi­len dö­re­den be­lent işlerine bo­lan çäk­siz hor­ma­tyň artmagy­na ge­tir­ýär. Dek düýnüň özünde hor­mat­ly Belent Serkerdebaşymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmen alabaýy» eserini halkyna sowgat bermegi hem şeýle asyl­ly ýö­rel­gä­niň nyşany hökmün­de kalp­lar­da buý­sanç duý­gu­la­ry­ny döret­di.

Şu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-saza beslenen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Merkezi serkerdeler öýünde guralan sergä tomaşa etdiler. Sergide biziň milliligimiz bolan türkmen alabaýyny şekillendirýän heýkeldir nakgaşçylyk işlerine aýratyn orun berildi.

Soňra täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy öz işine başlady. Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada çykyş eden harby gullukçylaryň hemmesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kämil paýhasy bilen ýiti zehininden kemala gelen eseriň halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada nygtadylar. Dabarada harby gullukçylar tarapyndan taýýarlanan «Türkmeniň alabaýy» atly şekilli aýdymyň köpçülige görkezilmegi çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli geçirilýän tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Dabara harby we hukuk goraýjy edaralarynyň aýdym-saz toparlarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sözlerine «Türkmen alabaýy» atly aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.

Mahlasy, bu täze eseriň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzyň alabaý itlerine bolan söýgüsine bu täze eseriň üsti bilen ýene bir ýola göz ýetirdik. Bu kitap – hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň türkmen alabaýlaryna bolan buýsanjynyň beýanydyr. Bu ajaýyp eser biziň halkymyzyň hemişelik hemrasy bolan alabaý itlerimiz baradaky gözýetimimizi has-da giňeltdi. Öňki bilýänlerimiziň üstüni ummasyz maglumatlar we täzeçe pikirler bilen baýlaşdyrdyk. Munuň üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan köp sagbolsun we çäksiz alkyş aýdýarys.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».